«Türkmenistan» awiakompaniýasy oktýabr aýyndan Türkiýe we Belarus döwletleri bilen yzygiderli howa gatnawlarynyň dikeldilýändigini tassyklady.
«Gadyrly ýolagçylar! Aşgabat — Stambul we Aşgabat — Minsk ugry boýunça howa gatnawlarynyň amala aşyrylýandygyny habar berýäris» diýip, awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.
Ozal Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda yzygiderli halkara uçar gatnawlarynyň 1-nji oktýabrda yzygiderli tertipde ýola goýuljakdygyny habar beripdik. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň şu gün beren habaryna görä, uçuşlar 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda gaýtadan ýola goýlar. Uçuşlar hepdede bir gezek — şenbe güni «Boeing 737-800» uçarlarynda amala aşyrylar. Uçaryň Aşgabatdan sagat 10:35-de uçup, Minsk şäherine 15:35-de gonmagy meýilleşdirilýär (GMT + 3).
5-nji oktýabrdan «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Stambula göni yzygiderli gatnawlaryny dikelder. Uçuşlar hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.
Habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.