Arhiw

Türkiýeden Türkmenistana uçuş üçin howa petekleri satylyp başlandy

00:1503.10.2022
0
51553
Türkiýeden Türkmenistana uçuş üçin howa petekleri satylyp başlandy

«Türkmenhowaýollary» Türkiýeden Türkmenistana güýzki uçuşlar üçin uçar peteklerini satyp başlady diýip, «Atavatan Türkmenistan» saýty habar berýär.

Habar berşimiz ýaly, uçuşlar hepdede dört gezek, duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar.

Petekleri Stambuldaky halkara howa menzilindäki «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň kassasynda satyn alyp bilersiňiz.

Türkiýe — Türkmenistan (3-nji oktýabrdaky ýagdaýa görä) ugry boýunça ekonom klas petegiň bahasy 403 ABŞ dollary bolar. Biznes klas biletiniň bahasy bolsa, bir ugura 753 ABŞ dollarydyr.

Häzirki wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (RF), Kazan (Tatarstan, RF), Maýn boýundaky Frankfurt şäherine (Germaniýa), Minsk (Belarus) we Dubaý (BAE) ýaly şäherlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň