Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow Hökümet mejlisinde şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu sergä halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurdundan 150-den gowrak kompaniýanyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle-de utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny bir ýere jemlär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyzyň möhüm durmuş ulgamlarynda gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak, ählumumy bähbitler ugrunda özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pikir we tejribe alyşmak maksady bilen, halkara sergileridir maslahatlary yzygiderli guramagyň möhümdigini belledi hem-de wise-premýere bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.