Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol yşyklary we belgileri öndüriler

23:4330.09.2022
0
18497
Türkmenistanda ýol yşyklary we belgileri öndüriler

Türkmenistanyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar we öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man se­na­gat kär­ha­na­la­ry gu­rul­ýar, he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ky tä­ze­le­nil­ýär.

Ba­ha­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi we hil taý­dan ýo­ka­ry­ly­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li önüm­le­re uly is­leg bil­di­ril­ýär, ola­ryň gör­nüş­le­ri yzy­gi­der­li artdyrylýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­nyň ga­ra­ma­gy­na «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na» la­ýyk­lyk­da, ýol he­re­ke­ti­ni saz­laý­jy dür­li gör­nüş­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ryň we LED ýol bel­gi­le­ri­niň önüm­çi­lik­le­ri­ni ýo­la goý­mak ba­ra­da­ky tek­lip hö­dür­le­nil­di.

Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­ ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň elekt­ron se­na­ga­ty­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge hem-de is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­ hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­ni saz­laý­jy dür­li gör­nüş­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ryň we LED ýol bel­gi­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di we mun­dan beý­läk-de is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­me­gi tab­şyr­dy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň