«Türkmenistan» awiakompaniýasy 1-nji oktýabrdan Minsk bilen yzygiderli gatnawlary açar

22:2129.09.2022
0
55628

«Türkmenistan» awiakompaniýasy oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda yzygiderli halkara uçar gatnawlaryny açar diýip, Minsk milli howa menziliniň metbugat gullugy habar berdi. Habarda bellenilşi ýaly, uçuşlar 1-nji oktýabrdan yzygiderli tertipde başlar.

«Boeing 737-800» uçarlary şenbe güni Aşgabat - Minsk - Türkmenabat aralygynda uçuşlary amala aşyrar. Aşgabatdan uçýan uçarlar Minska barar. Belarusyň paýtagtyndan uçan uçarlar Türkmenabat şäherine gonar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň