Turkmenportal logo
29.09.22
3466434664
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Beglow Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy topluma baryp gördi

Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistana resmi sapary wagtynda Aşgabatda gurulýan sil suwlaryny sowujy toplumda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.


Häzirki wagtda Aşgabadyň günorta böleginde Sankt-Peterburgyň «Wozroždeniýe» kompaniýasy tarapyndan gurulýan toplumda işler tamamlaýjy tapgyrda barýar.


Beglow suw göteriji stansiýasynyň işleýiş usuly bilen tanyşdy, zeýkeş kanalynyň bölümini gözden geçirdi.


Toplumyň gurluşygyna 2020-nji ýylyň mart aýynda girişilendigini ýatadýarys.