Soňky habarlar

Arhiw

Milli howpsuzlyk ministri «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy

21:5328.09.2022
0
21707

Şu gün Oguz han köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabaraly çäräniň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryny okady.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň