Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda däneli ekinleriň ýygymy dowam edýär

16:4428.09.2022
0
14177
Daşoguz welaýatynda däneli ekinleriň ýygymy dowam edýär

Daşoguz welaýatynda däneli ekinleriň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Bu jogapkärli çärä guramaçylykly girişen S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň ekerançylary 76 tonna hasyl alyp, noýba taýýarlamak boýunça ýyllyk tabşyrygy amal etdiler. Etrabyň daýhanlary bellenilen 30 tonna künjiden 26 tonna hasyly atyzlardan ýygnadylar. Welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda hem ýygym ýokary depginde alnyp barylýar, bu ýerde 45 tonna noýba, 525 tonna mäş we 10 tonna künji hasylyny almak meýilleşdirilýär.

S.Türkmenbaşy adyndaky etraby sebitde bu ekinleri iri öndürijidir, bu ýerde, diňe mäşiň özi geçen ýyldakydan iki esse köp ekildi.

Şu ýyl ýurdumyzyň demirgazygynda däne kösükli ekinleriň meýdany has artdyryldy. Geçen ýyldakydan mäş meýdany iki esse, noýbadyr künji ekinleriniň meýdany-da ýüzlerçe gektar köpeldi. Şu ekinleriň öndürilişiniň möçberiniň artmagy ýerli alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmaga we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge goşant goşmaga gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde, ýerli howa-klimat şertlerine amatly ekin dolanyşygy üçin däneli ekinler topragyň melioratiw düzümini-de gowulandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň