Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edilýär

10:1828.09.2022
0
19367
Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edilýär

Türkmenistanda Azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle başlangyç Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekiliniň Aksoltan Ataýewanyň çykyşynda yglan edildi.

Ilçi öz çykyşynda azyk we energiýa howpsuzlygy, ulag we howanyň üýtgemegi meselelerine ünsi çekdi we Türkmenistanyň «Dialog: parahatçylygyň kepili» başlangyjy bilen çykyş etdi.

A.Ataýewa halkara jemgyýetçiligini dünýä azyk bazaryndaky durnuklylygyň saklanmagyny üpjün etmäge we ösüp barýan döwletleri azyk bilen üpjün etmek baradaky çylşyrymly meseläniň çözgütlerini bilelikde gözlemäge çagyrdy.

Şu maksat bilen Türkmenistanda azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahat geçirmek teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň