Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Xuping Jewelry» dükany gipoallergen bižuteriýasyny hödürleýär

10:2827.09.2022
0
48999

«Xuping Jewelry» bižuteriýa dükany aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny hytaýly öndürijiniň nepis şaý-sep görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

Dükanda gulakhalkalary, ýüzükleri, zynjyrjyklary, kulonlary, bilezikleri, gülýakalary we şaý-sep toplumlaryny amatly bahadan satyn alyp bilersiňiz.

«Xuping Jewelry» haryt nyşanly bižuteriýalar lukmançylyk ergininden taýýarlanylýar we daşy rodiý ýa-da altyn ýaly gymmat bahaly metallaryň tozunyň kömegi bilen örtülýär. Şaý-sepler sirkon we emeli daşlar bilen bezelýär.

«Ýörite haşamlamak tehnologiýasynyň kömegi bilen – galwanizasiýa ususly arkaly «Xuping Jewelry-niň» bižuteriýalary reňkini ýitirmeýär we allergiki täsir etmeýär», – diýip, dükanyň wekili gürrüň berdi.

«Xuping Jewelry» haryt nyşanly şaý-sepler toplumy yzygiderli täzelenýär hem-de nepis we özboluşly görnüşler bilen üsti ýetirilýär.

«Xuping Jewelry-niň» önümleriniň lomaý we bölek satuw görnüşinde elýeterlidigini bellemek gerek.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Salgysy: Aşgabat, Parahat 4 (Mir) Ankara (Ýubileýnaýa) köçesinde, 57-nji jaý, «Ýakut daşlar» dükany;
  • Telefon belgileri: (+993 65) 94 44 48, (+993 65) 67 68 71.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň