Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär

23:4526.09.2022
0
26268

Sişenbe güni, 27-nji sentýabrda Kuweýtde futzal boýunça Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berilýär. Ýaryş 8-nji oktýabr güni tamamlanar.

17-nji gezek geçirilýän yklym ýaryşyny Kuweýt taryhynda ilkinji gezek kabul edýär.

Ýaryşyň ähli duşuşyklary El-Kuweýt şäherindäki Saad al-Abdulla sport toplumynda geçiriler. Ýaryşa dört toparça bölünen 16 ýygyndy gatnaşar. Her toparçadan iň gowy iki ýygyndy çärýek final tapgyryna gatnaşyp biler.

Yklym ýaryşyna soňky gezek mundan 10 ýyl ozal gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen «B» toparça wekilçilik eder.

Türkmen ýygyndysy ýaryşdaky ilkinji duşuşygyny 27-nji sentýabr güni Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen gündiz sagat 13-de başlanar. Şol gün biziň toparçamyzda Bahreýn ― Täjigistan we «A» toparçada Kuweýt ― Oman duşuşyklary hem geçiriler.

Aziýanyň häzirki çempiony Eýranyň ýygyndysydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň