Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 11 medal gazandylar

12:3326.09.2022
0
24920
Türkmenistanly ýeňil atletikaçylar Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda 11 medal gazandylar

24 ― 25-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionaty geçirildi.

Halkara ýaryşyň çäginde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Halkara ýaryş dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgeni gadymy şäherde jemledi. Sebitleýin ýaryşyň guramaçylary hökmünde Özbegistanyň Sport ministrligi, ýurduň Milli Olimpiýa komiteti, Ýeňil atletika federasiýasy iş alyp bardy. Merkezi Aziýanyň Ýeňil atletika federasiýasy bilen «Özbeknebitgaz» paýdarlar jemgyýeti ýaryşyň ýardamçylary boldular.

Sebitleýin ýaryşda türkmenistanly ýeňil atletikaçylar jemi 11 medala mynasyp boldular. Şolaryň üçüsi altyn, bäşisi kümüş, galan üçüsi bolsa bürünç medallardyr.

Biziň ýygyndymyzyň altyn medallaryny 100 metr aralygy 12,12 sekuntda geçen Walentina Meredowa, çekiç zyňmak ýaryşynda 69,10 metrlik netije görkezen Mergen Mämmedow we ýadrony 16,08 metr aralyga zyňan türgenimiz Maksat Mämmedow eýeledi.

Disk zyňmak boýunça geçirilen ýaryşlarda 52,41 metrlik netije gazanan Maksat Mämmedow (ýaryşdaky ikinji medaly) we ýurdumyzyň 4х100 hem-de 4х400 aralyga ylgamak boýunça erkekler we zenanlar ýygyndylary kümüş medallaryň jemi bäşisini eýeläp, ýokary netijeleri gazandylar. Şunda erkekler ýygyndymyzyň 4х100 metr aralygy 42,70 sekuntda, 4х400 metr aralygy 3 minut 19,92 sekuntda geçendigini bellemek gerek Zenanlar ýygyndymyz bolsa bu aralyklar üçin degişlilikde 49,23 hem-de 4 minut 5,60 sekunt wagt sarp etdi.

Naýza zyňmak boýunça 49,89 metrlik netije görkezen Jennet Muhamowa, 100 metr aralygy 10,80 sekuntda geçen Alişer Sadullaýew we 7,60 metr aralyga böküp bilen Bagrat Gasanbekow dagylar bolsa sebit ýaryşynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň