Soňky habarlar

Arhiw

Naýzany 50 metre ýakyn zyňan Jennet Muhamowa Merkezi Aziýanyň çempionatynda bürünç medaly eýeledi

21:4225.09.2022
0
21110
Naýzany 50 metre ýakyn zyňan Jennet Muhamowa Merkezi Aziýanyň çempionatynda bürünç medaly eýeledi

Türkmenistanly türgen Jennet Muhamowa naýza zyňmak boýunça Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Biziň ildeşimiz naýzany 49,89 metr aralyga zyňdy.

Ýaryşda altyn medaly ýerli türgen Muşaraf Saidahmedowa (53,30 metr), kümüş medaly bolsa onuň watandaşy Nargiza Kuçkarowa (53,16 metr) eýeledi.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň