Soňky habarlar

Arhiw

Alişer Sadullaýew 100 metr aralyga ylgamak boýunça Merkezi Aziýanyň açyk çempionatynda üçünji orny eýeledi

23:5824.09.2022
0
16119

Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň 100 metr aralyga ylgamak boýunça ýaryşynda 25 ýaşly türkmenistanly ýyndam Alişer Sadullaýew bürünç medalyň eýesi boldy.

Türkmenistanly türgen bellenen aralygy 10,80 sekuntda geçdi.

Ýaryşda 10,43 sekuntlyk netije bilen altyn medaly malaýziýaly Jonatan Nýepa eýeledi. Kümüş medal gazanan watandaşy Haýrulu Hafiuz bolsa 10,74 sekuntlyk netije görkezdi.

Ýaryşa bäş döwletden sekiz türgen gatnaşdy.

Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň