Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň zenanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça geçirilen ýaryşynda türkmenistanly türgen Walentina Meredowa altyn medalyň eýesi boldy.
Meredowa bellenen aralygy 12,12 sekuntda geçdi.
Ýaryşda ikinji orny özbegistanly Raisa Jorabaýewa (12,60), üçünji orny bolsa gazagystanly Lidiýa Safonowa (12,68) eýeledi.
Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.