Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynyň disk zyňmak boýunça ýaryşynda türkmenistanly türgen Maksat Mämmedow ikinji orny eýeledi.
Mämmedow agyrlygy 52,41 metr aralyga zyňyp, diňe malaýziýaly Muhammet Irfandan yza galdy. Ol diski 54,90 metr aralyga zyňmagy başardy.
Üçünji orny bolsa 51,91 metr aralyk bilen özbegistanly Raşidbek Sodikow eýeledi.
Maksadyň şu çempionatda ikinji medalyny gazanandygyny ýatladýarys. Ol ýadro zyňmak boýunça altyn medalyň eýesi boldy.
Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.