Soňky habarlar

Arhiw

1530 adama dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşuryldy

15:2424.09.2022
0
47519
1530 adama dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň raýatynyň pasporty gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda ýurduň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurylyş dabarasy geçirildi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow düýn degişli Karara gol çekdi.

Karara laýyklykda, 1,530 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Döwlet migrasiýa gullugynda geçirilen dabarada çykyş edenler raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýtdylar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 − 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň» hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan raýatsyzlygy ýok etmek boýunça tagallalar ýylsaýyn güýçlendirilýär. Şeýle hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarynyň bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bilen işlemek mandaty bilen baglanyşykly BMG-niň konwensiýalarynyň ählisini tassyklady. Bularyň arasynda 1961-nji ýylda kabul edilen «Raýatsyzlygy azaltmak baradaky" hem-de 1954-nji ýylda kabul edilen «Raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýagdaýy hakyndaky» Kararnamalar bar.

Häzirki wagta çenli ýurtda ýaşaýan we hiç hili raýatlygy bolmadyk 28,167 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Umuman alanyňda, 4,438 sany daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň