Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlary dörediler

13:4823.09.2022
0
31419

Türkmenistanda 2022 ― 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň agramly bölegi, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediler. Şeýle-de býujetiň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün geçirilen Döwlet Maslahatyndaky çykyşynda belledi diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron görnüşinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryň özleşdirilmegi bilen, ýurduň önümçilik kuwwaty has-da pugtalanar. Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti: «Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilimi edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» diýip, öz çykyşynda belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň