Turkmenportal logo
22.09.22
2479324793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Russiýanyň «Ural» tans topary çykyş eder
Aşgabatda Russiýanyň «Ural» tans topary çykyş eder

25-nji sentýabrda Çelýabinsk döwlet filarmoniýasynyň «Ural» horeografiki topary Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda çykyş eder.


«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň ýazmagyna görä, döredijilik topary türkmen tomaşaçylaryna halk döredijiliginiň tans eserleriniň birnäçesini sowgat getirdi.


«Ural» ― Çelýabinsk sebitinde we tutuş Uralda meşhur tans toparlarynyň biridir.


Topar halkara we bütin Russiýa derejesinde abraýly baýraklara we Hormat hatlaryna eýe boldy.


Konsert sagat 19:00-da başlar.