Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Baş sekretary: «Gözýetimde ählumumy nägileligiň gyşy garaşýar»

14:0322.09.2022
0
17020
BMG-niň Baş sekretary: «Gözýetimde ählumumy nägileligiň gyşy garaşýar»
Surat: interfax.ru

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasyny açyp, öňde ählumumy nägileligiň gyşynyň, hümmetsizlenmäniň we deňsizligiň artmagynyň garaşýandygyny duýdurdy. Bu barada «Euronews.com» saýty ýazýar.

Guterriş Guramanyň eýerýän ýörelgeleriniň howp astyndadygyny we energetika, howa hem-de azyk kynçylyklarynyň planetanyň ykbalyna, adamzadyň geljegine howp salýandygyny nygtady.

Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretary:

— Bize ähli ugurlarda hereket etmek gerek. Geliň, ham-hyýala özümizi aldatmalyň. Gözýetimde ählumumy nägilelik görünýär. Ynam ýumrulýar, deňsizlik artýar. Biziň planetamyz ýanýar. Adamlar, esasan hem, mätäçler ejir çekýärler.

BMG-niň Baş sekretary soňra ösen döwletleri ýangyç gazyp alýan kompaniýalary alýan girdejilerinden salgyt töletmäge çagyrdy, alnan serişdeleri bolsa, howanyň üýtgemeginden ejir çekýän döwletlere kömek etmekde ulanyp bolar.
Antoniu Guterriş, BMG-niň Baş sekretary:

— Öý hojalyklaryň býujetleriniň azalýan, planetamyz ot içinde wagtynda gazylyp alynýan ýangyç senagaty ýüzlerçe milliard dollary pul subsidiýalarydyr ýokary girdeji görnüşinde gazanýarlar.

Geliň, ähli zady bolşy ýaly aýdalyň. Biziň planetamyz gazylyp alynýan ýangyja garaşly we muňa täsir etmegiň döwri geldi. Biz ýangyç gazyp alyjy kompaniýalary, bu ugra degişli bolan, hususy maýa goýumlaryny dolandyrýan banklary we daşky gurşawy kömürturşy gaz bilen hapalamaga ýardam edýän beýleki maliýe institutlaryny jogapkärçilige çekmelidiris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň