Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň awtoulag parkynyň üsti «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksileriň 150-si bilen ýetirildi, Ufada türkmen gawunynyň baýramy geçirildi, Türkmenistanda ermeni kompozitor Arno Babajanýanyň sazlary ýaňlanar

12:0722.09.2022
0
38936

1. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üsti täze satyn alnan «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglarynyň 150-si bilen ýetirildi. Taksilerde elektron planşetler we bank kartlary arkaly nagt däl görnüşde töleg geçirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr

2. Ufadaky 2-nji mekdep-internadynyň uzakmöhletleýin bejergi almaga mätäçlik çekýän okuwçylary üçin «Türkmen gawunynyň güni» baýramy guraldy. Çäre 2022-nji ýyl üçin yglan edilen «Russiýanyň halklarynyň medeni mirasynyň ýylynyň» çäklerinde geçirildi. Baýramçylyga Başgyrdystanyň medeniýet işgärleri, şeýle hem hormatly myhmanlar, türkmenistanly aýdymçy Rahat Gurbangylyjow we Samara şäherinden Geldimyrat Babaýew gatnaşdy.

3. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri öz konsertini ermeni kompozitor Arno Babajanýanyň döredijiligine bagyşlar. Konsert 8-9-nji oktýabrda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde geçiriler.

4. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde özüniň täze önümleri we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary bilen tanyşdyrdy. Olaryň hatarynda EURO-5 hem-de EURO-6 hil talaplaryna we ekologiýa ülňülerine dolulygyna laýyk gelýän А-92 we А-98 belgili täze awtomobil benzinleri bar.

5. Russiýa Hazarýaka ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana Wolga boýunça sodanyň, agaç materiallarynyň we demriň iberilýän ugurlary arkaly eksportyň möçberlerini artdyryp biler. Mysal üçin, «Başgyrt soda kompaniýasy» («Башкирская содовая компания») Türkmenistana 360 müň tonna kalsinirlenen sodany deňiz ýoly bilen ibermegiň demir ýol arkaly ibermekden has arzan düşýändigini hasaplady.

6. «Netflix» Dubaýda ýaşaýan 10 sany millioneriň durmuşy hakynda gepleşik (realiti-şou) taýýarlady. «Dubai Bling» gepleşiginiň gahrymanlary BAE-de, Saud Arabystanynda, Liwanda, Kuweýtde, Yrakda, Hindistanda we Awstraliýada doglan adamlar bolup, olar özleriniň üstünlige baýran ýollary we gozgalmaýan emläk, güýmenje hem-de şou-biznes pudaklarynda işläp, nädip şöhrat we abraý gazanandyklary barada gürrüň bererler.

7. 30-njy sentýabrda Kanadada koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurda girmek bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeleriň iň soňkusy hem aradan aýrylar. Kanada girmek üçin howa menzillerinde we beýleki portlarda ýurda gelen raýatlaryň arasyndan saýlap, COVID-19 barlagyny geçirmek bes ediler. Emma otlularda we uçarlarda örtük düzgüni häzirlikçe dowam edýär.

8. «SinoGene» kompaniýasynyň hytaýly alymlary artkika möjegini klonladylar. Canis lupus arctos adaty möjegiň açyk reňkli tüýi bilen tapawutlanýan we Demirgazyk Amerikanyň hem-de Grenlandiýanyň arktiki adalarynda duş gelýän görnüşidir. Bu haýwany klonlamak ony ýitmek howpundan goramaga ýaradam eder.

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki çempionatynyň ýarymfinala çykan toparlary mälim boldy. Ýarymfinalda «Şagadam» «Aşgabat» bilen duşuşar, «Ahal» bolsa «Altyn asyr» bilen güýç synanyşar. Türkmenistanyň Kubogynyň birinji ýarymfinal duşuşyklary 26-njy oktýabrda, 1/2 finalyň jogap duşuşyklary bolsa 22-nji noýabrda geçiriler. Türkmenistanyň Kubogynyň finaly 11-nji dekabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň