Türkmenistanyň Prezidenti harby gulluga ýazky çagyryş baradaky Permana gol çekdi, Türkmenistan ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga iberer, Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçiriler we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň aprel — iýun aýlarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we ýurduň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 18 ýaşy dolan Türkmenistanyň erkek raýatlary, şeýle hem harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmek hukugyny ýitiren, ýaşy 27-ä çenli bolan erkek raýatlary harby gulluga çagyrylar.
2. Türkmenistanyň Hökümeti türkmen ýaşlaryny 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalygy we oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ýaly ugurlar boýunça ibermek baradaky teklibi makullady.
https://turkmenportal.com/blog/88948/turkmenistan-napravit-molodezh-na-obuchenie-v-vuzy-rumynii
3. 17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň paýtagtynda döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi guralar. Guramaçylaryň bellemegine görä, moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrüljek bu çärä türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerlerini bir ýere jemlär. Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly meşhur türkmen brendleriniň dizaýnerleri öz döreden lybas toplumlaryny görkezerler. Bu çäre «Fashion TV» «Vogue», «HELLO RUSSIA» ýaly moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler.
https://turkmenportal.com/blog/88964/ashhabad-primet-mezhdunarodnyi-pokaz-mody
4. 19-njy martdan başlap, Aşgabatda 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi» ýörite awtobus gatnawy hereket eder. Bu ugur Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilata hödürlenilýän ulag hyzmatlaryny göwnejaý ýerine ýetirmek üçin ýörite girizilýär. Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda geçiriler.
5. 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler. Bu çäre türkmen telekeçileriniň geçen ýyllaryň dowamynda gazanan üstünliklerini görkezmek üçin esasy meýdança bolar. Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. Myhmanlar sergi bilen 17-nji we 18-nji martda sagat 10:00-dan 18:00-a we 19-njy martda 10:00-dan 17:30-a çenli tanşyp bilerler.
https://turkmenportal.com/blog/88966/vystavka-v-chest-17letiya-sppt-proidet-v-ashhabade
6. Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu mejlisde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady we ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Dünýäde
1. Ýer togalagynyň iň beýik nokady bolan Ewerest dagynyň depesinde alymlar mikroplastigiň bardygyny anykladylar. Olaryň ýüze çykma ähtimallygynyň örän pes bolan ýerlerden tapylandygyny göz öňünde tutsak, bu howsala döredip biljek açyşdyr. Alymlar «öli zolak» diýilýän ýerde – deňiz derejesinden sekiz müň metr belentlikde mikroplastik bölejiklerini tapdylar. Hapalaýjy maddalar diňe bir gar örtüginde däl, eýsem, dag gerşiniň ýokarsyndaky suw akymlarynda hem tapyldy.
https://turkmenportal.com/blog/88930/mikroplastik-obnaruzhen-v-mertvoi-zone-everesta
2. Sian şäherindäki Dördünji harby lukmançylyk uniwersitetiniň keselhanasynyň hirurglar topary Aziýada ilkinji gezek 69 ýaşly hassa doňuz böwregini oturtdylar. Operasiýadan alty gün soň, aýalyň bedeni donorlyk organy ret etmedi we ganyň biohimiki görkezijileri kadaly ýagdaýa geldi. Transplantasiýa üçin birnäçe redaktirlenen geni bolan genetiki taýdan üýtgedilen doňuz böwregi ulanyldy.
Sport täzelikleri
1. Özbek emini Ilgiz Tantaşewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary 19-njy martda geçiriljek Russiýa bilen Grenadanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasyndaky dostluk oýnuna eminlik eder. Duşuşyk Moskwanyň «Dinamo» stadionynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlar. Russiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Waleriý Karpin Grenada we Zambiýa bilen mart aýynda geçiriljek dostlukly oýunlar üçin milli ýygyndynyň düzümine 31 oýunçyny goşdy. Olaryň arasynda Tolýattiniň «Akron» toparynyň 36 ýaşly hüjümçisi Artýom Dzýuba hem bar, ol ýaňy-ýakynda rus futbolynyň taryhynda iň köp gol geçiren oýunçy boldy.
2. «Ahal» Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 3-nji tapgyrynyň oýnunda «Köpetdagy» ýeňdi. Gökdepe etrabynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 4:0 hasabynda tamamlandy. Ätiýaçlykda ýene bir oýny bolan «Ahal» 6 utuk toplap hem-de «Merwden» we «Nebitçiden» iki utuk öňe geçip, ýaryşyň sanawynda ikinji orna çykdy. «Köpetdag» nol utuk bilen iň soňky 8-nji orunda barýar. Günüň beýleki oýunlarynda «Nebitçi» öz meýdançasynda «Şagadam» bilen deňme-deň (0:0) oýnady, «Merw» bolsa myhmançylykda «Aşgabat» (0:0) bilen utugy deň paýlaşdy.