Soňky habarlar

Arhiw

Russiýa derýa-deňiz ýollary arkaly Türkmenistana eksportyny artdyrar

11:3021.09.2022
0
32655
Russiýa derýa-deňiz ýollary arkaly Türkmenistana eksportyny artdyrar
Surat: TASS

Russiýa Federasiýasy Hazarýaka döwletlerine harytlary we önümleri Wolga derýasynyň üsti bilen eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Ufada geçirilen «Ulag we gurluşyk» atly halkara smmitiň çäginde gurluşyk materiallaryny öndürijileriň Milli birleşiginiň durnukly ösüş komitetiniň başlygy Stanislaw Mamulat habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa derýanyň üsti bilen gaz, agaç we metal önümleriniň Hazarýaka ýurtlaryna eksportyny artdyryp biler.

Resmi rus elektron neşirlerinde bellenilişi ýaly, derýa ýollary arkaly Russiýadan Hazarýaka döwletlere dürli himiki önümleri we dökünleri eksport etmekde ýol çykdajylary ep-esli azalýar. Stanislaw Mamulatyň bellemegine görä, Russiýanyň sebitleri Hazarýaka ýurtlaryny himiki maddalar we dökünler bilen üpjün etmäge taýýar. Mysal üçin, Başkir soda kompaniýasy demir ýol arkaly Türkmenistana 360 müň tonna kalsiý sodasyny ibermegiň gaty gymmat boljakdygyny hasaplady. Bu ýükler derýa-deňiz ýollary bilen ugradylsa, has arzan düşýär. Umuman alanyňda, Hazaryň günortasyndaky ýurtlarda bu materiallara hem-de reňkli metallara hem isleg uludyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň