Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

13:1117.03.2025
0
15974

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň telekeçilerini TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy bilen gutlady, Rustam Minnihanow Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşar, Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy bellemäge taýýarlyk görülýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmen telekeçileriniň önümleri we hyzmatlary döwrebaplygyň hem-de kämilligiň nusgasy bolmalydyr. <...> Düýpli taslamalaryň başyny başlamak, badalga berlen işleri dowam etdirmek üçin telekeçilerimiziň yhlaslaryny gaýgyrman, mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.

https://turkmenportal.com/blog/89000/prezident-turkmenistana-pozdravil-predprinimatelei-strany-s-17letiem-so-dnya-sozdaniya-sppt

2. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady. Tatarystanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak häzirki wagtda tutuş adamzadyň isleg bildirýän iň uly gymmatlyklarydyr. Olaryň berkarar edilmegi netijesinde ýurtlaryň howpsuzlygy, halklaryň abadançylygy üpjün edilýär, ruhy baýlyk ösdürilýär we sazlaşyk pugtalandyrylýar. Forumy 12-nji dekabrda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirmek meýilleşdirilýär.

https://turkmenportal.com/blog/88999/rustam-minnihanov-primet-uchastie-v-mezhdunarodnom-forume-mira-i-doveriya-v-ashhabade

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutany Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

https://turkmenportal.com/blog/88995/serdar-berdymuhamedov-pozdravil-tasulasa-s-vstupleniem-v-dolzhnost-prezidenta-grecii

4. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Onda gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda dabaraly çäreleri, şol sanda duşuşyklary, sergileri we okuw maslahatlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň zerurdygy bellenildi.

https://turkmenportal.com/blog/88987/v-turkmenistane-gotovyatsya-k-prazdnovaniyu-4i-godovshchiny-blagotvoritelnogo-fonda

5. Aşgabatda «Türkmenistanyň döredijilik we innowasiýa ykdysadyýeti» atly halkara forum geçirildi. Forum Türkmenistanda okgunly we durnukly ösýän döredijilikli we innowasion ykdysadyýetini ösdürmegiň strategiýalaryny öwrenmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplary, syýasatçylary, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny we telekeçileri bir ýere jemledi. Çäräniň dowamynda medeni mirasy döwrebaplaşdyrmak, sanly tehnologiýalaryň döredijilik ösüşinde tutýan orny, telekeçilige maýa goýmagyň mehanizmleri we innowasiýalarda inklýuziwligiň ähmiýeti bilen baglanyşykly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Döredijilik pudagynda zenanlary we ýaşlary goldamaga aýratyn üns çekildi.

https://turkmenportal.com/blog/88977/v-ashhabade-proshel-mezhdunarodnyi-forum-kreativnaya-i-innovacionnaya-ekonomika-turkmenistana

Dünýäde

1. 2026-njy ýylyň ahyrynda «Tesla» kompaniýasy tarapyndan döredilen kosmos gämisi Marsa «Optimus» robotyny iberer. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy, amerikaly telekeçi Ilon Mask habar berdi. «Eger bu gonuş üstünlikli geçse, eýýäm 2029-njy ýyldan başlap adam iberilip bilner, ýöne 2031-nji ýyl has ähtimal sene» diýip, Mask aýtdy. Fewral aýynda «Tesla» kompaniýasy şu ýyl 10 000 sany adampisint «Optimus» robotyny öndürmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Häzirki wagtda «Tesla» zawodlarynda birnäçe «Optimus» prototipi ulanylýar, emma heniz olary köpçülikleýin öndürmek göz öňünde tutulmaýar.

https://turkmenportal.com/blog/88973/ilon-mask-obyavil-o-planah-po-otpravke-robota-optimus-na-mars

2. «Apple» korporasiýasy sinhron terjime mümkinçiligini goşmak bilen, «AirPods» simsiz gulaklyklarynyň işini baýlaşdyrmak isleýär. Bu «AirPods» ulanyjylaryna dilden aýdylýan sözleri hakyky wagtda bir dilden başga dile terjime etmäge mümkinçilik berer. Tehnologiýanyň şeýle tertipde işlejekdigi çaklanylýar: iňlis dilinde gürleýän fransuz dilini eşidende, onyň «iPhone-y» eşiden zatlaryny awtomatiki terjime eder we netijäni ulanyjynyň «AirPods-yna» iňlis dilinde geçirer. Öz gezeginde, iňlis dilinde gürleýän adamyň beren jogaby fransuz diline terjime ediler we «iPhone» arkaly geçiriler. Täze aýratynlyk girizilenden soň gulaklyklaryň näçe dili tanap biljekdigi häzirki wagtda belli däl.

https://turkmenportal.com/blog/88963/apple-integriruet-funkciyu-sinhronnogo-perevoda-v-airpods

Sport täzelikleri

1. Moskwanyň «Spartak» topary Russiýanyň premýer-ligasynyň 21-nji tapgyrynda Sankt-Peterburgyň «Zenit» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Şeýlelikde, ol 2017-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri esasy bäsdeşi bilen geçiren ýeňişsiz 13 oýunlyk tapgyryndan soň ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Bu ýeňşiň netijesinde, «Spartak» 43 utuk toplady we şahsy duşuşyklardaky artykmaçlygy sebäpli özi bilen deň mukdarda utugy bolan «Zenitden» öňe geçip, ýaryşyň sanawynda ikinji orna çykdy. 21 tapgyrdan soň «Krasnodar» 46 utuk toplap, çempionatyň lideri bolmagynda galýar.

https://turkmenportal.com/blog/88997/spartak-vpervye-s-2017-goda-vyigral-zenit-v-rpl

2. «Waşingtonyň» russiýaly hüjümçisi Aleksandr Oweçkin «San-Hose» bilen geçirilen oýunda bir şaýba geçirip, Ueýn Gretskiniň rekordyna ýakynlaşdy. Oweçkin NHL-iň yzygiderli çempionatlarynda 887 gol geçirdi we oňa kanadaly hüjümçiniň taryhy üstünligini gaýtalamak üçin diňe ýedi gol geçirmek galdy. Häzirki netijeliligini dowam etdirse, russiýaly hüjümçisiniň 12-nji aprelde «Kolambus» bilen geçiriljek oýunda täze rekord goýmagyna garaşylýar.

https://turkmenportal.com/blog/88993/ovechkin-sokratil-otstavanie-ot-rekorda-gretcki-do-semi-golov

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň