Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar Ýerde näçe garynjanyň bardygyny anykladylar

11:1521.09.2022
0
11442
Alymlar Ýerde näçe garynjanyň bardygyny anykladylar
Surat: kp.ru

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde ýaşaýan garynjalaryň sanyny anyklamak alymlara başartdy, bu mör-möjekleriň sany 20 kwadrilliona ýa-da million millarda deňdir. Şeýle maglumaty «RIA Nowosti» habarlar gullugy «Proceedings of the National Academy of Sciences» žurnalynda çap edilen ýörite makala salgylanyp habar berýär.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, alymlara ähli yklymlardan we esasy ekoulgamlardan alnan maglumatlary bir ýere jemlemek başartdy. Olar alnan görkezijiniň ýabany guşlaryň we süýdemdirijileriň umumy bioagramyndan ýokarydygyny hem-de adam bioagramynyň 20 göterimine deňdigini aýdýarlar.

Makalada şeýle-de garynjalaryň Zeminde deň derejede ýaýramandygy bellenýär, olaryň agramly bölegi tropiki ülkelerde ýaşaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň