Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistana Hytaýda öndürilen iki sany täze ýük teplowozy getirildi

16:3920.09.2022
0
40626

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine CRRC Ziyang CO., LTD Hytaý kompaniýasy tarapyndan öndürilen dizel ýük teplowozynyň ikisi gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistana ýene 13 sany teplowoz getiriler diýip ORIENT habar berýär.

Şonuň ýaly-da, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Brýansk maşyngurluşyk zawodynda öndürilen dizel teplowozlarynyň bäşisiniň getirilmegine garaşylýar.

Hytaýdan satyn alnan dizel ýük teplowozlarynyň tizligi 100 km/sagat bolup, olaryň kuwwaty Türkmenistanda ulanylýan şuňa meňzeş teplowozlardan 1600 kWt ýokarydyr. Bu bolsa ýurduň içinde we goňşy ýurtlara daşalýan harytlaryň mukdaryny artdyrmaga ýardam berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň