Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5919.09.2022
0
23640
Türkmenistanyň Prezidenti welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynda, ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görlüşi bilen bagly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde alnyp barylýan işler, şol sanda pagta ýygymynyň depginleri, gowaça hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin kombaýnlardyr beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň geçirilişi barada hasabatlary berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaý ekişiniň guramaçylykly geçirilişi, bu babatda tehnikalaryň bökdençsiz işledilişi, bugdaý ekilen meýdanlara gögeriş suwunyň tutulyşy, şeýle-de güýzlük ýeralmadan, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak, ýetişdirilen hasyly ýygnamak babatda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy. Häkimler Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görlüşi hem-de şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyklaryň gidişi barada-da hasabat berdiler. Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli sebitlerde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän döwrebap ýolagçy awtomenzilleriniň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdylar. Degişli hasabatlarda Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly oragyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çäreleri, ulanmaga beriljek medeni-durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurtda ekinlerden bol hasyl ýetişdirmek, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde, ýokary hilli tamamlamak bilen bagly meselelere bagyşlanan maslahatyň geçirilendigi, onda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygy barada-da aýdyldy. Şeýle-de wise-premýer ýurduň welaýatlarynyň uzak ýaýlalarynda ekilýän ekinleri medeni zolaga geçirmek, şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak hem-de pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly we ýokary hilli geçirilmelidigi, şunda tehnikalaryň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygy, ýygnalan pagta hasylynyň bökdençsiz kabul edilmeginiň wajypdygy we öňde durýan beýleki möhüm wezipeler bilen baglylykda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň