Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy

22:3817.09.2022
0
20714
Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün — 17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow daň säher wagtynda Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp, bu ýerde häzirki döwürde alnyp barylýan işler, seýisleriň we çapyksuwarlaryň iş hem-de durmuş şertleri, idedilýän atlaryň ýagdaýy, olaryň daň säher çaglarynda gezim etdirilişiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde çapyşyga gatnaşdyryljak atlaryň irki gezelenjini gurap ýören tejribeli seýis bilen söhbetdeş bolup, onuň idedýän bedewleri, seýisçiligiň häzirki zaman usullary hem-de seýsiň maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň olaryň beden gurluşy, sagdynlygy bilen birlikde, ýyndamlygyna hem oňyn täsiriniň bardygyny belledi. Söhbetdeşligiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy bedewleriň çapuw ýolunyň derejesi, olara düşelýän örtükleriň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Ussat seýis bedewleriň çapuw ýodalarynda ýurduň künjekleriniň topragynyň, ak çägäniň ylmy esasda öwrenilip, ony peýdalanmagyň bähbitli boljakdygyny aýtdy. Halk Maslahatynyň Başlygy seýsiň gürrüňlerini diňläp, bu ugurda degişli alymlaryň we ussat seýisleriň bilelikdäki işleriniň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi hem-de ýurtda atşynaslyk ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigini belledi we seýse alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk atly gyr bedew bilen bu künjegiň giňişliklerinde birsellem gezim etdi hem-de atly gezelenjiň dowamynda bu töweregiň gözelliklerini, atçylyk sport toplumy bilen ugurdaş gurlan binalar toplumyny, şeýle-de bu ýerden has-da owadan görünýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň ajaýyp desgalaryny synlady. Soňra ýokary derejede seýislenen, at çapyşyklaryna taýýarlanylýan Garaşsyzlyk atly gyr bedewi öz erkine goýberdi. Ajaýyp ahalteke bedewi bolsa ädim urşuny barha çaltlandyrmak bilen, ýüzin salyp, öz ýyndamlygyny görkezdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň 10 müň tomaşaçy orunlyk stadionyna baryp, bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, gurluşykda ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary bilen tanyşdy. Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary barada giňişleýin maglumatlary berdiler.

Halk Maslahatynyň Başlygy merkezde gurulýan mekdepleriň ikisiniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen mekdep bolmagynyň, şeýle-de bu ýerde Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň we Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bolmagynyň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.

Şeýle-de bu ýerde Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy görkezildi. Halk Maslahatynyň Başlygy umumy uzynlygy 6200 metre barabar boljak Saglyk ýolunyň çägi, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de bu ýoluň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen bagly meselelere häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda çemeleşilmelidigini belledi. Soňra bolsa stadionyň çäginde döredilýän şertler, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Tanyşlygyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň trenažýor zalyna-da baryp gördi hem-de bu ýerdäki enjamlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze, döwrebap merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlady hem-de olar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini berdi. Soňra bolsa welaýatyň täze merkezinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň