«Türkhowaýollary» oktýabr aýynda Türkmenistan ― Türkiýe aralygynda 14 sany ýörite uçuşy meýilleşdirýär

20:0215.09.2022
0
55259

Türkiýäniň «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy tarapyndan oktýabr aýynda 14 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada «Atawatan Türkmenistan» neşiri habar berýär.

Uçuşlar her hepdäniň duşenbe, anna we şenbe günleri ýörite gatnawlary amala aşyrylar. Bu gatnawlar Türkmenbaşy şäherinden ýerine ýetiriler.

Sentýabr aýynda «Türkmenistan» hem-de «Türkhowaýollary» awiakompaniýasy bilelikde 17 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirdi. Şolaryň 9-sy «Türkhowaýollary» tarapyndan ýerine ýetirilýär.

«Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň berýan maglumatyna görä, Türkmenistan ― Türkiýe ugry boýunça ýörite uçar gatnawyň bahasy 597 dollara deňdir. Türkiyeden Turkmenistana awiabiletleriň bahasy bolsa 697 dollara barabar. Isle Türkiýeden Türkmenistana, isle Türkmenistandan Türkiýe tapawudy ýok, awiapetekler diňe «Türkhowaýollary» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasynda satylýar. Ol «Berkarar» işewürlik merkezinde ýerleşýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň