Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy Russiýada türgenleşýär

12:0015.09.2022
0
26169

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçmek üçin Russiýa Federasiýasyna gitdi. Bu barada Orient habar berdi.

Milli ýygyndymyzyň wekilleri 6-njy oktýabra çenli Zelenodolskdaky türgenleşik bazasynda okuw ýygnanyşygyny alyp bararlar. Bu ýerde türgenlerimiz şu ýylyň oktýabr aýynda Bahreýnde geçiriljek Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görerler.

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde 15 türgen we üç tälimçi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň