Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, şu gün Özbegistanyň Samarkant şäherine sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Lia! by Minyoun Stars of Ulugbek» myhmanhanasynda ŞHG-niň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşdy.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, duşuşykda Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary baradaky pikir alyşmalara giň orun berildi. Şeýle-de türkmen tarapynyň ŞHG-niň çäklerinde gyzyklanma bildirýän ugurlary hakynda jikme-jik pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, energetika ulgamyny görkezmek bolar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti ýylda 40 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazyny Hytaýa ibermäge mümkinçilik berýän Türkmenistan ― Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany ulag-kommunikasiýa ulgamynyň, telekeçilik işiniň hem Türkmenistanyň bu guramanyň çäklerinde ileri tutýan ugurlarydygyny nygtap, olar boýunça iri möçberli taslamalaryň, uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda gepleşiklere taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezident duşuşygyň dowamynda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürüp, ŞHG-niň Sekretariatynyň olary iş ýüzünde amal etmegiň mümkinçiliklerini öwrenjekdigine ynam bildirdi.