Top.Mail.Ru

Aşgabatda çeperçilik sungatynyň ýaş wekilleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy

09:4714.09.2022
0
21471

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýaş suratkeşleriň sergisi açydy. Sergide eserleri ýerleşdirilen ýaş döredijileriň arasynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de çeperçilik mekdebiniň talyplary we uçurymlary bar.

Sergide žiwopis, plastika we keramika işleri ýerleşdirilipdir.

Dürli göwrümdäki eserler türkmen döwletiniň Garaşsyzlygy bilen bagly dürli döwürleriň wakalaryna hem-de pursatlaryna beslenipdir ― diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň