Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

21:1713.09.2022
0
21578

«Şagadam» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynda öz meýdanynda geçirilen duşuşykda «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi.

Kenarýaka şäheriň toparyndan Kerim Hojaberdiýew (6), Mekan Aşyrow (23), Baýramgeldi Nurgeldiýew (33 ― 11 m.j.u.), Yhlas Magtymow (36), Akmämmet Metdäýew (62 ― 11 m.j.u.) we Roman Galkin (67) dagylar tapawutlandylar. Myhmanlaryň ýeke-täk pökgüsini bolsa 11 metrlik jerime urgusyndan 75-nji minutda Hemra Gulyýew geçirdi.

Bu ýeňişden soňra utugyny 14-e çykaran «Şagadam» ýaryş tertibiniň bäşinji basgançagynda barýar. 3 utukly «Nebitçi» bolsa iň soňky ― sekizinji orunda galdy.

10-njy tapgyryň çäginde «Nebitçi» 17-nji sentýabr güni «Köpetdagy» kabul eder, «Şagadam» bolsa şol gün «Altyn asyryň» myhmany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň