Duşenbe güni Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Portugaliýanyň Moskwadaky ilçisi Madalena Fişer bilen duşuşdy we onuň bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada pikir alyşdy. Bu barada Russiýadaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Dostlukly we özara düşünişmek ruhunda geçirilen duşuşykda taraplar halkara, sebitleýin we ikitaraplaýyn häsiýetli özara gyzyklanma döredýän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlarda ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Türkmen-portugaliýa gatnaşyklaryny güýçlendirmek meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň çäginde, taraplar energiýa pudagyny, dokma senagatyny, ýokary tehnologiýa pudagyny we beýlekileri konstruktiw we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 13-nji awgustynda ýola goýuldy.