Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

17:5613.09.2022
0
28324
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň meseleleri boýunça duşuşyk geçirildi

12-13-nji sentýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýetine Hazar deňzi institutynyň direktory, Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça ýörite wekili M.Atajanow, azerbaýjan wekiliýetine bolsa daşary işler ministriniň orunbasary, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Serhetler we Hazar deňzi boýunça ýörite wekili H.Halafow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň