Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

22:3409.09.2022
0
23240
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Surat: yuz.uz

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-9-njy sentýabrda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň XXXVII mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Mejlisiň çäklerinde GDA-na agza ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy hem-de bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlis bilen ugurdaş gurama agza ýurtlaryň medeniýetine we sungatyna bagyşlanan «Art Expo» halkara sergisi hem geçirildi. 9-njy sentýabrda GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýan wekiliýetleriň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň hem birnäçesi geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň