Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

21:5709.09.2022
0
20530

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Onuň Alyjenaby, Şazenan Ýelizaweta II häzirki zaman taryhynda ähmiýetli işleri bilen dünýä syýasatynda we jemgyýetçilik durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýet hökmünde tanalýar. Onuň Alyjenabynyň hökümdarlyk eden döwründe parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin amala aşyran ägirt uly tagallalary ähli halklaryň hakydasynda ebedi galar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gynanç hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu agyr pursatda onuň Alyjenaby Karl III we maşgala agzalaryna hem-de Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň