Habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi.
Mejlisde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow seýsmologiýa ylmy boýunça düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, ylmy-gözleg işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, häzirki zaman geodinamik işjeňligini öwrenmek, seýsmiki hadysalaryň bolup geçýän döwründe seýsmogen zolaklarda fiziki hadysalaryň kanunalaýyklygyny we seýsmiki howply zolaklary ýüze çykarmak, bu ugurda ýaş alymlary taýýarlamak maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.