Arhiw

Türkmenistana özbek traktor tirkegleriniň täze tapgyry geldi

10:3409.09.2022
0
11386

«Daşkent Agro Traktor» tarapyndan öndürilen 270 traktor tirkegleri Türkmenistana getirildi. «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berlişi ýaly, olaryň 66-sy Lebap welaýatyndaky pagta arassalaýjy kärhanalara paýlandy.

Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalary hem şol bir mukdarda tirkeg alar we 6-sy Balkan welaýatyna iberiler.

Daşkent zawodynyň önümleri ýokary göterijilik ukyby we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar. Her tirkegiň ýük göterijilik ukyby 4,5 tonna deňdir. Tirkegler oba hojalygynda, şol sanda pagta daşamak üçin giňden ulanylýar.

«Daşkent Agro Traktor» bilen ylalaşylan şertnama boýunça ýylyň ahyryna çenli Türkmenistana tirkegleriň ýene-de 730-sy getiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň