Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Prezidentini gutlady

10:2109.09.2022
0
12177

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

«Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Täjigistan bilen hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga, sylag-hormata we birek-birege goldaw bermeklige pugta esaslanýan, däp bolan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini belläp, türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalar netijesinde dostlukly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, täjik kärdeşi Emomali Rahmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Täjigistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň