Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň» daşary işler ministrleriniň dialogyna gatnaşdy

10:0908.09.2022
0
4900
Türkmen wekiliýeti «Aýlagdaky arap döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň» daşary işler ministrleriniň dialogyna gatnaşdy
Surat: arabnews.com

Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde «Aýlagdaky arap döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlyk geňeşiniň» daşary işler ministrleriniň strategik dialogynyň birinji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň 7-nji sentýabrda beren habaryna görä, şeýle görnüşdäki duşuşyk ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň möhüm ugurlaryny, sebit howpsuzlygy meselelerini, söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, medeniýet we ylym pudaklarynda geljekde netijeli gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda «Şu günki mejlise Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda giň gerimli özara gatnaşyk döretmek üçin ilkinji möhüm ädim hökmünde garalýar» diýip nygtady.

Türkmen tarapynyň pikiriçe, taryhy taýdan esaslandyrylan we häzirki zaman hakykatlarynyň zerurlyklary tarapyndan talap edilýän ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna uzak möhletli häsiýet we durnuklylyk bermek, şeýle hem tertipleşdirmek we kadalaşdyrmak prosesiniň başlangyjy barada gürrüň gidýändigini belledi.

Forumyň çäklerinde taraplar energetika, ulag geçelgeleri we logistika, şeýle hem azyk we suw howpsuzlygyny üpjün etmek, medeni, ynsanperwer we ylmy çäreleri geçirmek meseleleri boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdiler.

Duşuşygyň netijesinde taraplar Bilelikdäki Beýannamany, şeýle hem Söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlary boýunça amaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny (Bilelikdäki hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny) kabul etdiler.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary dowam edýär.

Saparyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň