Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan benziniň iň arzan döwletleriniň ilkinji 7-ligine girdi

15:3106.09.2022
0
24967

Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan ýurtlarynyň sanawynda 7-nji orny eýeleýär. Muňa 29-njy awgustda GlobalPetrolPrices internet-neşiri tarapyndan neşir edilen dünýäde motor ýangyjynyň bahalary hakyndaky maglumatlar şaýatlyk edýär.

Nebitgaz toplumynyň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, A-95 benziniň 1 litriniň bahasy 0,428 dollara barabar. Türkmenistandan bu görkeziji babatda öňde Wenesuela, Liwiýa, Eýran, Alžir, Kuweýt we Angola bar. Wenesuealada benziniň 1 litri 0,022 dollara barabar.

1 litr benziniň dünýäde ortaça bahasy 1,36 dollara deň. Benziniň bahasy iň gymmat ýurdy – Gonkong, ol ýerde 1 litr benzin 2,98 dollara düşýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň mart aýynda şol neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu görkeziji babatda 10-njy orny eýeleýärdi. Şol wagtdan bäri, ýurdumyz 3 görkeziji öňe süýşüp, Siriýadan, Gazagystandan we Nigeriýadan öňe geçdi. Şol ýurtlarda benziniň bahalary şu ýylyň dowamynda ýokarlandy, Türkmenistanda bolsa bu görkeziji üýtgemedi.

Dizel ýangyjy boýunça Türkmenistan dünýäde 0-njy orny eýeleýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda 1 litr dizel ýangyjynyň bahasy 0,385 dollara deň. Ýangyjynyň bu görnüşiniň iň aşak bahasy Eýranda — 0,011 dollar.

Dzeil ýangyjynyň dünýä boýunça ortaça bahasy 1,37 dollara deň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň