Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň başyndan bäri Lebapda 134 tonnadan gowrak şöhlat önümleri öndürildi

16:5504.09.2022
0
15422

Üstümizdäki ýylyň sekiz aýynda lebaply telekeçiler 10 million 526 müň manatlyk şöhlat we şöhlat önümlerini öndürdiler. Bu ýylyň başyndan bäri 134 tonnadan gowrak önümiň öndürilendigini we söwda nokatlaryna ugradylandygyny aňladýar. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Bu pudakda «Welantas» haryt nyşanly şöhlat öndürýän telekeçi Sergeý Kulýapiniň önümhanasyndan çykan önümiň möçberi 46,5 tonnadan geçdi. «Yşgyn» haryt nyşany bilen şöhlat önümlerini söwda nokatlaryna ugradýan telekeçi Aýymjan Rawşanowanyň önüminiň möçberi 41 tonnadan geçdi. Telekeçi Talibow Tahiriň önümhanasyndan bolsa «Dünýä» haryt nyşany bilen 16,5 tonnadan gowrak şöhlat önümi alyjylara ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň