Arhiw

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri – 2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

17:4103.09.2022
0
23502
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri – 2022» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Surat: Turkmenportal

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaş artistlere iberen Gutlagy okaldy.

Bäsleşigiň saýlama tapgyrlary jemleýji konsertden ozal şäherlerde, etraplarda, welaýatlarda badalga alyp, birnäçe tapgyrda geçirildi. Olaryň netijesinde bolsa iň zehinliler kesgitlenildi. Bäsleşigiň şu günki jemleýji tapgyryna aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar ýörite düzülen konsert meýilnamasy esasynda çykyş etdiler.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, iň zehinli çagalar öňe saýlanmagy başardylar.

Şeýlelikde, eminler toparynyň gelen netijesine görä,

  • Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Ýyldyz Amannepesowa,
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Meret Hydyrow,
  • Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Döwletgeldi Orazdurdyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 77-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Kemal Durdymädow,
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Omar Bazarow,
  • Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Çynar Wepaýewa ýeňijiler hökmünde yglan edildi.

Sungatyň ýaş wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şeýle-de degişli Diplom gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň