Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi resmi saýtynda türkmen tarapy Türkiýe Respublikasynyň döwletine Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn esasda dürli görnüşli wiza düzgüniniň girizilmegi barada ýüzlendigi habar berildi.
Beýanatda nygtalyşy ýaly, bu çäre Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen geçirilýär.
Mundan ozal Türkmenistanyň raýatlary Türkiýä 30 günlük syýahatçylyk maksady bilen wizasyz gidip bilýärdiler.