Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Gimet milli Aziýa sungat muzeýiniň müdiri bilen duşuşdy. Bu barada diplomatik gullugyň sosial ulgamlardaky sahypasynda habar berildi.
Taraplaryň muzeýler pudagynda hyzmatdaşlyk etmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklary bellendi.
Türkmen diplomaty we Gimet muzeýiniň müdiri iki ýurduň muzeýleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem Türkmenistanyň medeni mirasyny wagyz etmek üçin Parižde sergileri guramak barada pikir alyşdy.