«Paýhas merkezi» işewürlige täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga we önümçilikdäki tehniki meseleleri çözmäge ýardam edýär

14:5301.09.2022
0
23600

«Paýhas merkezi» hojalyk jemgyýeti senagat inženerçilik hyzmatlaryny ýetirmäge, senagat desgalaryny taslamalaşdyrmaga we gurmaga, IT infrastrukturany döretmäge hem-de telekommunikasion ulgamlary döretmäge ýöriteleşendir. Kärhana türkmen işewürligine önümçiligiň we tehnologiýanyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga ýardam edýär.

«Paýhas merkeziniň» hünärmenleri uzak möhlete hyzmat edýän hem-de awtomatlaşdyrylan liniýalaryň täsirliligini ýokarlandyrýan senagat enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetirýär, şeýle-de dürli hili işleriň awtomatlaşdyrylmagy üçin IT çözgütleri hödürleýär.

Kärhananyň inžener hünärmenler topary tarapyndan saýlanyp alnan enjamlar önümçiligiň işiniň zerur bolmadyk taraplaryny aradan aýyrmak bilen önümçiligiň geljeginiň oýlanyşykly çözgüdini hasyl edýär. Bu babatda häzire çenli köp sanly türkmen kärhanalary ýokary tehnologiýaly enjamlary saýlap almakda, ýerleşdirmekde we gaýtadan işe girizmekde, ulanyjy ykjam goşundylaryny hem-de kompýuter programmalaryny işläp taýýarlamakda kärhananyň hyzmatlaryndan peýdalandylar.

Tehnologiýalaryň has oýlanyşykly saýlanmagy, inženerleriň we programmistleriň irginsiz alyp barýan işi häzirki wagtda islendik önümçiligiň üstünlikli ýola goýulmagy hem-de işe girizilmegi babatda hökmanydyr. «Paýhas Merkezi» kärhanasynyň hünärmenleri bolsa bu meseleleri üstünlikli ýerine ýetirýärler. Kärhananyň web saýtynda görkezilen onlarça netijeli taslamalar bolsa muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Tehnologiýa kärhanasy enjamlaryň ýagdaýyny barlamak işlerini geçirmek bilen, mehaniki ýa-da programma bilen bagly ýüze çykan kemçilikleri düzedýär.

Kärhananyň işgärleriniň ýokary hünär tejribesi enjamlaryň iş resminamalarynyň ýitirilen ýagdaýynda, hatda olarda dürli bölekleriň çalşylmagynyň girizilen ýagdaýynda hem has çylşyrymly tehniki meseleleri çözmäge mümkinçilik berýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Telefon belgileri: (+993 12) 75 35 34, (+993 12) 75 35 10, (+993 64) 71 99 71;
  • Elektron poçta salgysy: info@payhas.tm;
  • Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., G.Kulyýew köçesi, №46 jaý;
  • Sosial media ulgamyndaky hasaby.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň