Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Belarusiýa dört ýolagçy uçuşynyň amala aşyryljakdygyny yglan etdi, sentýabr aýynda tutuş Türkmenistan boýunça howanyň temperaturasynyň adatdakydan ýokary bolmagyna garaşylýar, Aşgabatda halkara bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylagladylar

11:2001.09.2022
0
31317

1. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkmenistandan Belarusiýa we yzyna bäş ýolagçy uçuşyny amala aşyrar. Aşgabatdan Minske uçuşlar 10, 17, 24-nji sentýabrda we 1-nji oktýabrda, Türkmenabatdan Minske 5-nji sentýabrda göz öňünde tutulýar. Belarusiýadan Türkmenistana yzyna dolanýan ýolagçylar Türkmenbaşynyň howa menziline gelip gonarlar.

2. Sentýabr aýynda tutuş Türkmenistan boýunça howanyň temperaturasynyň adatdakydan 0,5-2 gradus ýokary bolmagyna garaşylýar. Aýyň ilkinji hepdesi örän yssy bolar. Käbir etraplarda howanyň temperaturasynyň +40 gradusa ýetmegine garaşylýar. Has salkyn howa akymlarynyň aýyň ikinji hepdesinde aralaşjakdygy bellenilýär.

3. Türkmenistanyň günbataryndaky Serdar şäherinde umumy meýdany 500 inedöwrül metr bolan gije-gündizleýin dermanhana açyldy. Bu ýerde Türkmenistanda we Ýewropa döwletlerinde öndürilen derman serişdeleriniň bölümleri ýerleşdirilipdir. Täze bina «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişlidir, kärhana ozal şeýle dermanhanalary Tejende we Türkmenabatda hem açypdy.

4. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Türkmenistanyň dürli ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň täze tertibi köpçülige ýetirildi, ol 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan güýje girýär. Uçuşlaryň tertibi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

5. Şu gün Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni bellenilýär. Şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine ýüzlenip, 2022-2023-nji okuwýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

6. Türkiýäniň Antalýa şäherindäki söwda merkeziniň üçeginde 5 ýyldyzly myhmanhana gurlar. Myhmanhanada 144 otag bolup, ol birbada 288 myhmany kabul etmäge ukyply bolar. Täze «Mall Of Antalya Hilton» myhmanhanasynyň meýdany 9354 inedördül metre deň bolar.

7. Sosial ulgamlarda kefal balyklarynyň köpçülikleýin gyrylýandygy hakyndaky maglumat peýda bolandan soňra, Hazar deňziniň gazak böleginde kenarýaka zolagynyň barlag işlerine badalga berildi.

8. «Altyn täç» futbol topary saglyk mümkinçilikleri çäkli çagalary toparyň düzümine kabul edýär. Türgenleşikler Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesindäki ýapyk meýdançada tölegsiz esasda geçiriler. Topara ýazylmak boýunça maslahatlaşmak üçin görkezilen telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: (+993 61) 93 78 95.

9. Aşgabatda «Aziýanyň çagalary» atly VII halkara sport oýunlarynda hem-de V Yslam raýdaşlygy oýunlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türgenlere we olaryň tälimçilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasyndan sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň