«Altyn täç» FT saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalary futbol türgenleşiklerine tölegsiz kabul edýär

22:3731.08.2022
0
14853

Aşgabadyň «Altyn täç» futbol topary saglyk mümkinçiligi çäkli bolan çagalary futbol türgenleşiklerine tölegsiz kabul edýär.

Türgenleşikler Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň ýapyk binadasyndaky zalda tölegsiz esasda alnyp barlar diýlip, «Altyn täç» futbol toparynyň sosial media ulgamyndaky hasabynda bellenilýär.

«Her bir futbol oýnamagy isleýän çaga bu mümkinçilige eýe bolsun» – diýip, «Altyn täç» futbol toparyny esaslandyryjy hem-de Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ahmet Agamyradow belleýär.

Türgenleşik toparyna ýazylmak we tälimçilerden gyzyklanjak beýleki sowallaryňyz üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: +99361937895.

Belläp geçsek, «Altyn täç» futbol topary dürli ýaş aýratynlygynda şäheriçi, ýurt derejesinde hem-de halkara derejede geçirilýän futbol ýaryşlaryna gatnaşyp, yzygiderli baýrakly orunlara eýe bolýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň