Soňky habarlar

Arhiw

Serdar şäherinde täze dermanhana açyldy

23:1531.08.2022
0
14498

Şu gün Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde täze dermanhananyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täze dermanhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tebigat çeşmesi» hususy kärhanasyna degişli bolup, onuň umumy meýdany 500 inedördül metrdir. Bu ýerde Türkmenistanda we Ýewropa ýurtlarynda öndürilen ýokary hilli derman serişdeleri ilata elýeterli bahadan hödürlenilýär. Gije-gündiz işleýän dermanhananyň işgärler düzümi bolsa ýokary derejeli hünärmenlerdir.

Dermanhanada sorag-jogap gullugynyň işi-de guralypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň